kerim___hally

@kerim___hally

Kerim Hally

Instagram @kerim___hally bio, statistics, analysis, photos, videos, followers
Last time updated 4 months ago
Ajax loader

Loading profile. Please wait...


@kerim___hally basic info

How many followers @kerim___hally has? 85,217
How many profiles @kerim___hally follows? 299
Is @kerim___hally private profile? No
Is @kerim___hally verified profile? No
Is @kerim___hally professional profile? Yes
Is @kerim___hally business profile? No
Business category @kerim___hally belongs N/A
Business category name @kerim___hally belongs Writer

@kerim___hally instagram stats

How many likes per photo @kerim___hally has? 2,269
How many comments per photo kerim___hally has? 48
How often @kerim___hally publishes a photo on Instagram? every 17 days
How many likes per video @kerim___hally has? 1,088
How many comments per video kerim___hally has? 48
How many views per video @kerim___hally has? 9,831
How often @kerim___hally publishes a video on Instagram? every 2 days
How many likes per post @kerim___hally has? 1,236
How many comments per post kerim___hally has? 48
How often @kerim___hally publishes a post on Instagram? every 2 days
Photo / Video ratio of @kerim___hally 12% photos / 88% videos

Latest posts by @kerim___hally

  • By @kerim___hally - 》》》
NIÝET

Bu garyp göwünde, arman neýlesin,
Dymmaja dilleriñ senasy bolsam.
Magşuga ýetirip aşyklañ sesin,
Uýatly söýginiñ penasy bolsam.

Zähmet çekip, Hakdan halal paý diläp,
Ynsabymyñ kölgesinde saýalap,
Mug:thory galam bilen saýgylap,
Ejize ganymlañ jezasy bolsam.

@kerim___hally

    》》》 NIÝET Bu garyp göwünde, arman neýlesin, Dymmaja dilleriñ senasy bolsam. Magşuga ýetirip aşyklañ sesin, Uýatly söýginiñ penasy bolsam. Zähmet çekip, Hakdan halal paý diläp, Ynsabymyñ kölgesinde saýalap, Mug:thory galam bilen saýgylap, Ejize ganymlañ jezasy bolsam. "Geçileri" aýagyndan asdyryp, Dillerini dişlerine gysdyryp, Namartlary ajy bilen gusduryp, Merdana kişileñ mazasy bolsam. Keýp-sapa etmänkä meni diwana, Namazlyga çöksem, dolsam imana, Diniñ nurun çaýyp on:ki synama, Goýberlen namazlañ kazasy bolsam. "Gamçydeý hor" diýmäñ daşymdan garap, "Iýmek üçin ýaşan däldiris" döräp. Kerim diýr: Gamçy däl, bir derde ýarap, Besdir çal saç gojañ hasasy bolsam.

    367
    15
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》
BU ÝAŞDA
(15.05.1996)

@kerim___hally

    》》》 BU ÝAŞDA (15.05.1996) "Näme gördüñ?" diýmäñ maña gardaşlar, Müñ bir tüýsli synag gördüm bu ýaşda. Jöwzaly tomuslar, añzakly gyşlar, Garagumda gynag gördüm bu ýaşda. Şol külpetler ir ulaltdy wagtymdan, Nesibesiz däl men Hakyñ bagtyndan, Alla şükür şygyr söýýän halkymdan, Begler islän sylag gördüm bu ýaşda. Yşk söwdasy dinler kimin uýular, Oñ awusy bir özüñe duýular. Goýalmankak depämizden guýulan, "Söýgi" atly gaýnag gördüm bu ýaşda. Käte meni oýnap gitdi çem gelen, Nesip etdi ýeñilmegem, ýeñmegem. Çapyşyldy durmuş bilen deñme-deñ, Astym atsyz aýlaw gordum bu ýaşda. Gulluk etdim ilimiñ şir, gurduna, Namartlardan garaşmadym ýardama. Sesim goşup Şa saýladyk ýurduma, Iki gezek saýlaw gördüm bu ýaşda. Bolşy ýaly kabul etdim zemini, Olam meniñ sypyrmady derimi, Harlasañam, hor etmediñ Kerimi, Giñ toýlanan toýlar gördüm bu ýaşda.

    2,442
    69
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》
IÑ ULY DILEGIM

Körleriñ ýurdunda aýna satdyrma,
Kerleriñ ilinde bagşy etmäwer.
Dilsiz mesgenlerde gulak ne derkar,
Otsuz ojak bilen goñşy etmäwer.
Aýalsyz illerde Tahyr eýleme,
Din beýik ýerinde jahyl eýleme,
Iñ uly gorkym, hem uly haýyşym:
Akmaklañ ýurdunda şahyr eýleme. @kerim___hally

    》》》 IÑ ULY DILEGIM Körleriñ ýurdunda aýna satdyrma, Kerleriñ ilinde bagşy etmäwer. Dilsiz mesgenlerde gulak ne derkar, Otsuz ojak bilen goñşy etmäwer. Aýalsyz illerde Tahyr eýleme, Din beýik ýerinde jahyl eýleme, Iñ uly gorkym, hem uly haýyşym: Akmaklañ ýurdunda şahyr eýleme.

    399
    22
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》
SEN MENDEN GOWUSYN TAPJAK BOLARSYÑ... @kerim___hally

    》》》 SEN MENDEN GOWUSYN TAPJAK BOLARSYÑ...

    1,269
    64
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》 @kerim___hally

    》》》 "ÝEGEN UJA ÝA:GYDYR..."

    1,167
    79
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》
TÛRKMENE 2
@kerim___hally

    》》》 TÛRKMENE 2 "Pylanylardan bolsa pylany hilliräk adamdyr özä-ä..." /Oturylşyklañ birinde oglanlañ aýdan gürrüñinden/ Dosty saýlamadym belli bir sortdan, Kim ýüregin açsa ýürekdeş saýdym. Düýnjek çowdurlarda başlan gülkimi, Bu gün ýomutlaryñ ojagna çaýdym. Ärsary dostumyñ ýollan salamyn, Hormat bilen kabul etdi alili. Nohur gardaşda-da saklap bilmedim, Teke dostuñ ýasyndaky agymy. Aýdymyna joşup salyr-sarygyñ, Toýlarda kän etdik buluçlañ tansyn. Garrygala myhman bolan çagymda, Ýüwrüp hezzet etdi bir gökleñ tanşym. Gazaklaryñ gara çaýyndan doýup, Ýerli özbekleriñ kän aşyn iýdim. "Dünýä bazarynda" bir "tat" dostumyñ, Satýan geýimlerniñ hillisin geýdim. Garadaşly, ýazyr, sakar, gypjak, şyh, Hoja, seýit ýa-da magtym diýmedim. Keseki däl dogan ýaly gatnaşdym, "Size ýokdur artyk wagtym" diýmedim... Garaz ýene-de kän, gep onda-da däl, Baran ýerlerimde güýçlüdi ûnsüm. Hormata baş egip, hezzetden doýup, Adamlañ bolşuny synladym ümsüm. Menem synçyl welin ýöne bularyñ, Içinden tapmadym uly tapawut. Meñzeş hemmesiniñ sallançaklary, Hatda hemmesinde birmeñzeş tabyt... Çalymdaşdy eneleriñ wagyzy, Ata pendem meñzeş öýdýän dogrusy. Serhoşlaram şol bir arakdan içýär, Meñzeş haramlykdan baýar ogrusy. Birmeñzeş metjitden girip çykýarlar, Birmeñzeş aksakal, birmeñzeş ymam. Birmeñzeş ýylgyryş, birmeñzeş agy, Birmeñzeş töhmetdir, birmeñzeş güman. Baran ýerlerimde çöle-de çykdyk, Çopanlañ agzyndan eşitdik düri. Diýdi: " Dostlar maly nähili bakaý, Barybir agsaksyz bolmaýar süri. Daýaw goýunlaram ownuk dogaýýar, Ownuklardan iri döräýýär käte" Çopan dogry aýdýar gep tohumda däl, Aslynda başga bir gep bardyr bärde. Aslynda başga bir gep bar elbetde, Şol gepi başlara çolaýmalyñ how. Biz şeýle bir meñzeş, belki hemmämiz, Adam Atañ nesli bolaýmalyñ how...

    1,491
    90
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》 Meni hiç kime bakna etmän, durmuşdan gorkman, arkaýyn ýaşadýan güýç, aslynda ýönekeýje zatlarda jemlenen... @kerim___hally

    》》》 Meni hiç kime bakna etmän, durmuşdan gorkman, arkaýyn ýaşadýan güýç, aslynda ýönekeýje zatlarda jemlenen...

    908
    24
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》 Ýene eje hakda @kerim___hally

    》》》 Ýene eje hakda

    1,256
    61
    4 months
  • By @kerim___hally - 》》》@aman_atayew_officiall
ÜÝTGEÝÄR

@kerim___hally

    》》》@aman_atayew_officiall ÜÝTGEÝÄR "Üýtgemezmiş" diýme ynsan ogluna, Aýlar, günler geçip ýyllar üýtgeýär. Zat görmedik gözi düşende pula, Nebsinden daş düşüp, gullar üýtgeýär. Her kim ýaşap bilmez bir erki bilen, Durmuş bizi oýnar müñ görki bilen. Garybyñ serpaýy şol durky bilen, Baýlara gowşurlan güller üýtgeýär. Barlyk, baýlyk näme? Dünýe bize ýat... Biliñi berk guşap, ýaşa adamzat, Şan-şöhrat, wezipe geldi-geçer zat, Kagyza goýulan gollar üýtgeýär. "Serçäni hem gassap soýsa ýagşydyr", Sesi gaýnap, bişen adam bagşydyr. Käriniñ ussady ömrüñ nagşydyr, Çyn daýhana duşsa çöller üýtgeýär. Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa, Öz dûýbüne gaçýar, dagdan daş gaçsa. Emma ikije gün serhetden geçse, Edep-ekram, ene diller üýtgeýär. Indi adam azmak bilen meşguldyr, Kim syrtyn bulasa, şolam meşhurdyr. Çyn zehinler sönmeklige mejburdyr, Ýüreklere barýan ýollar üýtgeýär. Ýa Allam! Dolýança ömrüñ depderi, Pälimi, dinimi üýtgetmäweri! Gepimiñ iñ kelte, iñ agyr ýeri, Üýtgemäge mejbur däller üýtgeýär.

    945
    34
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》
DOSTLAR BILEN TAGTABAZAR ILINDE GYZYKLY GEÇEN ÝENE BIR GÜNDEN PURSATLAR @kerim___hally

    》》》 DOSTLAR BILEN TAGTABAZAR ILINDE GYZYKLY GEÇEN ÝENE BIR GÜNDEN PURSATLAR

    1,192
    44
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》 HUDAÝA ŞÜKÜR @kerim___hally

    》》》 HUDAÝA ŞÜKÜR

    891
    49
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》
ARZUW

Ejeler perişde asmandan inen,
Görmegem mukaddes, Ýerde olary.
Başyñdan belanyñ beteri iner,
Nähak ýere goýsañ derde olary.

Adamzada berlen iñ uly bagtdyr,
Olaryñ gujagnyñ yssysyn duýmak.
Janygmak hökman däl, öz-özi bolar,
Enäni bar zatdan belentde söýmek.

Görmesek gözlermiz şorlap başlaýar,
Halyn soramasak sözlermiz duzsuz.
Allañ emri bilen adam gyşlaýar,
Enäñ mähri bilen gyşlaram buzsuz.

Müñ şükürler ejem bar, ýaz mähirli,
Yhlasy ylhammyñ köçesi bolsun,
Meñ kän dilegim ýok Allañ öñünde,
Eger perzent berse iliñ deñinde,
Meniñ ejem ýaly ejesi bolsun!

2017 @kerim___hally

    》》》 ARZUW Ejeler perişde asmandan inen, Görmegem mukaddes, Ýerde olary. Başyñdan belanyñ beteri iner, Nähak ýere goýsañ derde olary. Adamzada berlen iñ uly bagtdyr, Olaryñ gujagnyñ yssysyn duýmak. Janygmak hökman däl, öz-özi bolar, Enäni bar zatdan belentde söýmek. Görmesek gözlermiz şorlap başlaýar, Halyn soramasak sözlermiz duzsuz. Allañ emri bilen adam gyşlaýar, Enäñ mähri bilen gyşlaram buzsuz. Müñ şükürler ejem bar, ýaz mähirli, Yhlasy ylhammyñ köçesi bolsun, Meñ kän dilegim ýok Allañ öñünde, Eger perzent berse iliñ deñinde, Meniñ ejem ýaly ejesi bolsun! 2017

    3,966
    55
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》
ÝALÑYŞMAÑ

Batyr esgersiz mesgene,
@kerim___hally

    》》》 ÝALÑYŞMAÑ Batyr esgersiz mesgene, "Ýurt" diýenler ýalñyşarlar. Itlerden azan möjege, "Gurt" diýenler ýalñyşarlar. Perwana bolup puluna, Dönse heleýiñ guluna, Ol dostuñ syrdam gylyna, "Murt" diýenler ýalñyşarlar. Gyşyñ soñy bolar ala, Ýuka geýnip çykma ýola, Maýylrak gelen fewrala, "Mart" diýenler ýalñyşarlar. Her kim ezber toýda tosta, Adam tapmak kyndyr ýasda. Ýasda synalmadyk dosta, "Mert" diýenler ýalñyşarlar. Hossarlañ ömrüñ daragty, Alkyşyndan gözle bagty. "Ene-atañ garran wagty, Dert" diýenler ýalñyşarlar. Pesiräk tut tumşugyñy, Il-gün söýer ýumşagyñy. "Sadalañ ýolunyñ soñy, Kert" diýenler ýalñyşarlar. Ýazgytdyr ýaşamak, ötmek, Borç: Hak, halka gulluk etmek. "Yzyñda mal goýup gitmek, Şert" diýenler ýalñyşarlar.

    747
    35
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》
@sadiyewsadi agamyzyñ mähriban käbesiniñ doglan gününde, hemme eneleriñ waspy: @kerim___hally

    》》》 @sadiyewsadi agamyzyñ mähriban käbesiniñ doglan gününde, hemme eneleriñ waspy:

    1,854
    35
    5 months
  • By @kerim___hally - 》》》 @kerim___hally

    》》》

    1,295
    37
    5 months